Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 8 Bap

çalt geçiş:

1 Ýa Reb, biziň Taňrymyz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde! Ýaýdyň söhratyňy gökler üstünde.

2 Sen Öz ýagylaryň sebäpli, duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin, çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan gala ýaratdyň.

3 Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine, Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:

4 «Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly? Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?

5 Ony perişdelerden biraz pesräk ýaratdyň, oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň.

6 Ony Öz elleriňiň işlerine hökümdar goýduň; ähli zady aýagynyň astynda goýduň:

7 goýunlardyr öküzleriň baryny, şeýle-de çöl haýwanlaryny,

8 gök guşlaryny, deňiz balyklaryny, deňiz içre geçýän bar jandarlary».

9 Ýa Reb, biziň Taňrymyz! Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!