Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 3 Bap

çalt geçiş:

(Dawudyň öz ogly Abşalomdan gaçan mahaly aýdan mezmury.)

1 Ýa Reb! Duşmanlarym neneň köpeldi! Maňa garşy baş göterýänleriň sany kän.

2 Köpler men babatda şeýle diýýärler: «Hudaý ony halas eýlemez». Sela

3 Emma Sen, ýa Reb, daşymda bir galkansyň, şan-şöhratym, başymy dikeldýän Sensiň.

4 Men Rebbe edýärin dady-perýady, Ol mukaddes dagyndan maňa berýär jogaby. Sela

5 Men ýatýaryn hem-de uka gidýärin, sag-aman oýanýaryn, çünki Reb goldaýar meni.

6 Çar tarapdan meniň garşyma çykan biçak köp duşmandan gorkmaýaryn men.

7 Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaýym, halas et meni! Ähli duşmanlarymyň äňine urýaň, erbetleriň dişlerini kül-owram edýäň.

8 Ýeňiş Rebdendir, berekediň Seniň halkyňyň üstünde bolsun. Sela