Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 113 Bap

çalt geçiş:

1 Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!

2 Şindiden ebedä çenli Rebbiň ady alkyşly bolsun!

3 Günüň dogýan ýerinden batýan ýerine çenli, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!

4 Reb ähli milletlerden belentde, Onuň şan-şöhraty gökler üstünde.

5 Eýsem Hudaýymyz Reb kimin barmy? Ol göklerde oturan bolsa-da,

6 eglip, göge, ýere nazar aýlaýar.

7 Ol garyplary ýerden galdyrýar, mätäçleri kül içinden çykarýar,

8 olary şazadalaryň ýanynda, Öz halkynyň şazadalary bilen oturdýar.

9 Önelgesiz aýalyň öýüni dikýär, ony çagalaryna guwandyryp, bagtyýar edýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!