Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 46 Bap

çalt geçiş:

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna, soprana derejesinde. Koragyň nesilleriniň nagmasy.

2 Hudaý biziň penamyz hem-de güýjümiz, Ol muşakgat wagty dadymyza ýetişýär.

3 Şonuň üçin gorkmarys ýer yransa-da, daglar deňziň bagryna yňdarylsa-da,

4 olaryň suwlary güwläp, joşsa-da, zarbyndan ýaňa daglar sarssa-da. Sela

5 Bir derýa bar, onuň akymlary şat edýär Hudaýyň şäherini – Beýik Hudaýyň mukaddes mesgenini.

6 Hudaý bu şäheriň ortarasynda, ol sarsdyrylmaz, Hudaý oňa kömek eder säher çagyndan.

7 Milletler arlaýar, şalyklar-da yranýar, Ol gygyrýar – şonda dünýä ereýär.

8 Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy – berkitmämizdir.

9 Geliň, görüň Rebbiň edenlerini, ýer ýüzüne getiren weýranlygyny.

10 Ol ýeriň ujuna çenli uruşlary togtadýar, ýaýlary kül-owram edýär, naýzalary ikä bölüp taşlaýar, galkanlary ot-ýalynda ýandyrýar.

11 Reb şeýle diýýär: «Saklanyň, biliň – Hudaý Mendirin! Milletler arasynda beýgeldilerin tutuş ýer ýüzünde beýgeldilerin».

12 Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy – berkitmämizdir. Sela