Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 114 Bap

çalt geçiş:

1 Ysraýyl Müsürden çykyp gaýdanda, Ýakup nesli dili başga halkdan gaýdanda,

2 Ýahuda Hudaýyň mukaddes öýüne, Ysraýyl hem Onuň şalygyna öwrüldi.

3 Deňiz görüp, ökje göterdi, Iordan derýasy ters ugra akdy.

4 Daglar bökjekleşdi goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly.

5 Eý, deňiz, näme üçin gaçdyň? Eý, Iordan derýasy, näme üçin tersine akdyň?

6 Eý, daglar, näme üçin bökjekleşdiňiz siz goçlar ýaly, depeler hem – guzular ýaly?

7 Gaýany suw howzuna öwürýän, çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän Rebbiň öňünde,

8 Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi!