Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 58 Bap

çalt geçiş:

(Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.)

1 Eý, hökümdarlar, dogrudan-da, adalatly kazylyk edýäňizmi? Siz ynsan ogullaryna ýüz görmezden höküm çykarýaňyzmy?

2 Ýok! Siz kalbyňyzda adalatsyzlyk düzýäňiz, elleriňiz zorluk saçýar ýeriň ýüzüne.

3 Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar, dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.

4 Olar alahöwren ýaly zäherlidirler.

5 Olar ökde jadygöýüň ýa-da owsunçynyň jadylaýjy sesini eşitmeýän ker kepjebaş ýaly gulaklaryny dykýarlar.

6 Eý, Hudaý, agyzlarynda kül et olaň dişini, ýa Reb, owrat ýolbarslaryň gyýyk dişini.

7 Olar akyp gidýän suw dek, goý, ýitip gitsin, oklaryny çenänlerinde ujy kütelsin.

8 Goý, eräp giden balykgulak dek bolsun, aýalyň düşen çagasy dek, güneş görmesin.

9 Olar böwürslen dek tiken çykarmankalar, gök bolsun, gury bolsun, goý, tüweleý äkitsin.

10 Öç alnanyny görende dogry ynsan şat bolar, erbediň ganynda aýaklaryny ýuwar.

11 Ynsan diýer: «Dogrudan-da, dogry ynsana sylag bar eken! Dogrudan-da, dünýä kazylyk edýän Hudaý bar eken!»