Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 47 Bap

çalt geçiş:

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Koragyň nesilleriniň mezmury.

2 Eý, ähli halklar, el çarpyşyň! Eý, patyşa, Hudaýyň saňa beren şalygy ýa-da Eý, Hudaý, Seniň tagtyň Hudaýa heşelle kakyň!

3 Beýik Hudaý–Rebden gorkmalydyr, çünki Ol bütin ýer ýüzüniň Beýik Şasydyr.

4 Ol halklary biziň golastymyza berdi, milletleri aýak astymyza çökerdi.

5 Reb saýlap-seçip, bize ýurt berdi, biz – Onuň söýýän halky. Sela

6 Hudaý halkyň şadyýan sesleri bilen, Reb surnaýlaryň sesleri bilen ýokary çykýar.

7 Nagma aýdyň, nagma aýdyň Hudaýa, nagma aýdyň, nagma aýdyň Şamyza!

8 Çünki Hudaý tutuş ýeriň Şasydyr, Oňa mezmur bilen nagmalar aýdyň.

9 Milletlere hökümini ýöredýär Hudaý, Öz mukaddes tagtynda oturýar Hudaý.

10 Ybraýym Hudaýynyň halkyna goşulmak üçin, halklaryň asylzadalary ýygnanyşdylar; çünki tutuş ýeriň şalary Hudaýyňkydyr; Ol belende galdyrylandyr.