Zebur | Injil onlaýn - Okaň we öwreniň
menýu

Zebur 14 Bap

çalt geçiş:

1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.

2 Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.

3 Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.

4 Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar.

5 Olar şol ýerde dowla düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.

6 Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy.

7 Wah, gelsedi Siýondan Ysraýyl ýeňşi! Reb dikeldende halkyň öňki abadanlygyny, Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar.